Futzal: Naýbaşy ligada 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

14:5812.06.2020
0
2781

11-njy iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Tapgyryň duşuşyklarynda «Daýhanbank» «Olimpi» 14:2, «Gümrükçi» «Serhetçini» 6:2, «Köpetdag» «Migrasiýany» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Bu tapgyrda garşydaşlaryndan üstün çykan “Daýhanbank”, “Gümrükçi” hem-de “Köpetdag” toparlary 12 utukdan toplap, ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler.

Bu tapgyrdaky “Senagatbank” bilen “Deňizçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň wagty soňa süýşürildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň altynjy tapgyry 13-nji iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň