Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdançada ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaraly ýörişleriň guralýan künjeginiň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi ― diýip, TDH ýazýar.
Şanly seneleriň hormatyna guraljak dabaralara harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümleriniň işjeň gatnaşmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Şanly senäniň hormatyna guraljak harby ýörişde ýurdumyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýarlygy we belent ruhy öz beýanyny tapmalydyr.
Baýramçylyk çärelerinde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň gazanan üstünlikleri aýdyň beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we anyk tabşyryklary berdi.