Futbol, Birinji liga: Merkezi zolagyň birinji aýlawy «Köpedagyň» öňdebaryjylygy bilen tamamlandy

22:4908.06.2020
0
3528

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşynyň birinji aýlawynyň jemi jemlendi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bäşinji tapgyrda myhmançylykda “Hasyldan” 2:7 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” topary toplan 13 utugy bilen çempionatyň birinji aýlawynyň jemi boýunça ýokarky orny eýeledi.

12 utuk toplan “Hasyl” ikinji, “Binagärden” 11:0 hasabynda üstün çykan “Kerwen” (10 utuk) bolsa üçünji orunlary eýeleýärler. Tapgyrda GOÝÇÝSM bilen «Olimpiň» arasyndaky duşuşykda bu toparlaryň birinjisine tehniki utulyş yglan edildi.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Birinjilikde ýeňiş gazanan toparlar şu ýylyň noýabrynda geçiriljek jemleýji ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň