Ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy

23:5329.05.2020
0
14142
Ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji Karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 2767-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň