Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-ne täze önümçilik serişdeleri satyn alnar

00:5124.05.2020
0
1145

22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod ýangyjynyň gaýtadan işlenen möçberini artdyrmak we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin dürli görnüşli serişdeleri satyn almak üçin Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Onuň esasy ugurlary döwletimiziň uzakmöhletleýin ykdysady syýasatyna kybap gelýär.

Pudagyň ähli kärhanalarynyň durnukly işini üpjün etmek maksady bilen degişli guramaçylyk çäreleri amala aşyrmak boýunça görkezme berildi.

Ilkinji nobatda, nebitgaz ýataklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, çig mal çykarylyşyny durnuklaşdyrýan häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hasabyna täze guýulary burawlamak meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň