Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

19:4819.05.2020
0
7464

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Arkadagly Watanym — Bitarap hem berkarar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Baýramçylyk dabarasyna Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, birleşigiň welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, şahsy we köpçülikleýin agzalary gatnaşdylar. 

Dabarany Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow açyp, duşuşyga gatnaşýanlary şanly waka bilen gutlady we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan işlerinde goň¬şy hem dünýä halklary bilen hyzmatdaşlygyň gi¬ňemegine aýratyn üns berilýändigi barada gürrüň berdi.

Çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň türkmen halkynyň watansöýüjiligini, myhmansöýerligini dünýä ýaýmakda mynasyp işleri alyp barýandyklary hakda aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň