Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň «TRANSOÝL — Terminal» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi

16:5501.05.2020
0
11615

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýanyň «TRANSOÝL — Terminal» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyndan onlaýn duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň hatarynda deňizde ýük daşamak we logistika, oba hojalyk önümlerini ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri bar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Şol gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin amatly şertler, şol sanda döwrebap port düzümine eýe bolan Türkmenistanyň Hazar sebitiniň Russiýa Federasiýasynyň

Astrahan oblastyna golaýlygy bilen baglanyşykly oňaýly şertler bar. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň iri sebitleriniň, şol sanda Astrahan oblastynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Onlaýn duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda esasy ulgamlaryň köpüsinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň soňky döwürde okgunly ösüşe eýe bolandygy bilen tapawutlanýandygy nygtaldy. Düýn telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýanyň işewürliginiň wekilleri türkmen kärdeşlerini demir ýol, awtomobil we suw ulaglaryndan ösümlik ýaglaryny kabul etmek hem-de ugratmak, şolary saklamak üçin ýöriteleşdirilen terminala eýe bolan kompaniýanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bu terminal Narimanow şäheriniň golaýynda, Wolga derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň