Top.Mail.Ru

Türkmenistana «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy

22:3329.04.2020
0
12461

Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamskiý awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Bu barada TDH ýazýar.

Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar.

Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutany Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «KAMAZ» kompaniýasyndan awtomobilleriň hem-de ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň jemi iki müňe golaýy satyn alnar. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň iri awtoulag kärhanasyndan «KamAZ 6520» ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň eýýäm 181-si alyndy.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebiti bolan Tatarystan Respublikasy bilen köp möhüm ulgamlarda ýurduň netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy. Özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly gatnaşyklar her ýyl täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň Baştutanlarynyň, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn ynanyşmagyň ýokary derejesiniň dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar, şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki tarapyň hem bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde köpýyllyk işleriň oňyn tejribesi bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär.

Tatarystanyň iri kompaniýalary bolan «KamAZ» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köpsanly kärhanalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, Kamskiniň awtomobil zawodynyň önümleriniň ýurdumyzda örän bellidigini bellemek gerek. Ýük awtoulaglary, ýüküni özi düşürýän, ýangyç guýujy ulaglar hem-de kenarýakasyndaky Çernow şäheriniň beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalary Türkmenistanda özüni iň oňat tarapdan görkezdi. Şolar ulanyşda ygtybarlydyr hem-de iri gurluşyklaryň ählisinde diýen ýaly ulanylýar. Kompaniýanyň inženerleri hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň satyn alýan tehnikalaryna bildirýän talaplaryna laýyklykda ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan awtoulaglaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler.

Aşgabatda hereket edýän «KamAZ» söwda we okuw-hyzmat ediş merkezinde ulaglara tehniki taýdan doly hyzmat edilýär. Şeýle hem enjamlaryň, ulanmagyň, anyklaýşyň hem-de tehnikalaryň täze görnüşlerini abatlamagyň aýratynlyklaryny öwrenýän türkmen hünärmenleri okadylýar.

«KamAZ»-yň täze ýük tehnikalarynyň garşylanyş dabarasyna «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagyň işgärleri ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna berýän uly ünsi, öndürijilikli zähmet çekmek üçin döredilen şertler üçin hormatly Prezidente tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek wezipelerini çözmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň