Soňky habarlar

Arhiw

«Parasatly» gök önümleri gaplamakda tejribesini artdyrýar

19:0527.04.2020
0
1229

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we TürkmenistanyňSenagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy bolan «Parasatly» daýhan hojalygy ― Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginden ýyladyşhana gurmak hemde damjalaýyn usulda suwarmak arkaly miweli agaçlary, konserwirlenen gök önümler zawodyny gurmak maksady bilen, bölünip berlen 10 gektar ýerde indi birnäçe ýyldan bäri miweli baglardan we üzümden ýokary hasylalyp, olary gaýtadan işläp, dürli önümleri halkymyza hödürläp gelýär ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.  

Bu ýerde umumy meýdany 2 ga barabar bolan ýyladyşhanada 2014-nji ýyldan bäri pomidor we hyýar ýetişdirilýär.Döwrebap ýyladyşhanada bir ýylda ortaça 360-380 tonna hyýar ýetişdirilip, halkymyza ter gök önümler hödürlenýär. Gök-miwe önümlerini konserwirleýän zawodda hem 2015-nji ýyldan bäri pomidory gaýtadan işlemek bilen, birinji hilli pomidor goýultmagy öndürilýär.

Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodda öndürilýän «NOŞ», «TAMADA», «ÖZBAKJAM» haryt nyşany bilen tanalýan pomidor goýultmagy halkymyzyň arasynda uly islege eýe bolup gelýär.

Häzirki wagtda bu daýhan hojalygynda 2019-njy ýylyň hasylyndan öndürilen pomidor goýultmagyny 800 gramlyk, 720 gramlyk, 480 gramlyk we  265 gramlyk aýnagaplara gaplamak işleri alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň