TÝL ― 2020: «Ahal» ýeňişli tapgyry dört duşuşyga çykardy

18:5025.04.2020
0
6100

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň çägindäki duşuşykda «Köpetdag» «Ahaly» kabul etdi. Duşuşyk Elman Tagaýewiň 35-nji minutda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusynyň netijesinde «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, «Ahal» özüniň ýeňiş tapgyryny dört duşuşyga çykardy. Türkmenistanyň wise-çempiony, şu ýylky duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazanyp gelýär, üstesine «Ahalyň» ätiýaçda hem bir duşuşygy bar. Şol bir wagtyň özünde-de «Ahal» şu möwsümde derewezesinden pökgi geçirtmedik ýeke-täk topardyr. Yzda galan duşuşyklaryň ählisinde derweze 28 ýaşly derwezeçi Batyr Babaýewe ynanyldy.

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň topary bu duşuşykdan soňra utugyny 12-ä çykardy. «Ahal» ýaryşyň birinji basgançagyndaky ýerini ynamly saklap gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň