Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýetişdirilýän bananlar Marynyň söwda nokatlarynda satylýar

10:4225.04.2020
0
25674
Türkmenistanda ýetişdirilýän bananlar Marynyň söwda nokatlarynda satylýar

TSTB-niň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde önüdrilen bananyň her hepdede 500 kilogramy Mary welaýatynyň söwda nokatlarynda satlyga çykarylýar.

Hojalykda hasyl ýygnamak işleri häzirki günlerde ýokary depgin bilen dowam edýär. Türkmenistanyň şertlerinde bu subtropik önümi ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilen toplumda hasyllylyk ýyldan-ýyla artýar. Şol bir wagtyň özünde-de güýz ekişi üçin nahallar taýýarlanylýar.

Sakarçäge etrabynda 1 gektar meýdanda ýerleşýän toplumda indiki iki ýyldan bäri bereketli hasyl alnyp gelinýär. Hususyýetçiler tropiki ösümlikleriň tehnologiýasyny we inçeliklerini üstünlikli özleşdirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň