Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tölegli esasda okadýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek meýilleşdirilýär

23:1017.04.2020
0
27493

Şu gün – 17-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň wideoragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentine  tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat bermegine görä, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlere innowasion usullar ornaşdyrylar. Şeýle hem, ylmy-mugallymçylyk işgärleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýokary bilim ulgamynda okuw geçmegiň dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm, ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (17.04.2020) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň