Türkmenistan we BMG özara gatnaşyklary ösdürýär

21:4209.04.2020
0
4261
Türkmenistan we BMG özara gatnaşyklary ösdürýär

Şu gün – 9-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşyk pikir alyş-çalşygy görnüşde we konstruktiw dialog ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň barşynda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bilelikdäki edilen işleriň netijeleri jemlendi, şeýle-de geljekki döwürde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti hakynda belläp, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulan mehanizmi hakynda aýdyp, taraplar amaly işiň esasy bolup durýan käbir resminamalary bellediler.

Hususan-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň