18-nji aprelde ýaşlaryň arasyndaky futbol çempionaty dowam eder

18:4109.04.2020
0
493

18-nji aprelde ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň oýunlary ýaýbaňlandyrylar. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçirilýän ýaşlar toparlarynyň arasyndaky çempionatyň oýunlarynyň wagtlaýynça soňa süýşürilendigini ýatladýarys.  

Uly toparlarda bolşy ýaly duşuşyklary öz meýdanynda hem-de myhmançylykda geçirýän ýaşlar düzümleriniň oýunlary uly toparlaryň geçirýän oýunlarynyň bir gün öňüsyrasy oýnalýar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň 7 utuk toplan “Nebitçi II” topary ýaryş tertibiniň öňdäki ornuny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň