Ronaldonyň “Real Madride” dolanmagy mümkin

18:1908.04.2020
0
1989

Italýan metbugatynda çykan habarlara görä, Kristiano Ronaldonyň täzeden “Real Madride” dolanmagy mümkin. Habarda “Ýuwentus” toparynyň ýolbaşçylarynyň Ronaldony klubdan ugratmaga taýýardyklary bellenilýär. 35 ýaşly super ýyldyz üçin kesgitlenilýän transfer bahasy azyndan 57 million ýewro bolar. Koronowirus sebäpli maliýe babatda kynçylyk çekýän toparlara futbolçylaryň aýlyk haklaryny tölemek ýeňil düşenok. Şol sebäpli-de ýyllyk 31 million ýewro hak alýan Kristiano Ronaldonyň “Ýuwentusdan” gitmegi gaty ähtimal. Onuň italýan kluby bilen 2022-nji ýyla çenli şertnamasy bar. 2009–2018-nji ýyllar aralygynda “Realda” oýnan Ronaldo 2018-nji ýylyň tomsunda 100 million ýewro baha “Ýuwentusa” geçipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň