«Warziş» hem-de «Futbol» teleýaýlymlary Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy göni ýaýlymda görkezer

15:1504.04.2020
0
6067

Şu gün Täjigistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň çempiony «Istiklol» bilen kümüş medalyň eýesi «Hujandyň» arasynda Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriljek duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 17-de başlar. Bu duşuşyk Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçirilýän 11-nji duşuşykdyr.

Täjigistanyň «Warziş» we «Futbol» teleýaýlymlary Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygy göni ýaýlymda alyp görekezer. Bu barada «Istiklolyň» metbugat gullugy habar berýär. Şeýlelikde, Aşgabatdaky futbol janköýerleri duşuşyga IP TV arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň