Soňky habarlar

Arhiw

A.S.Puşkin adyndaky teatr Maryda «Gyzyl şyrdajygy» görkezdi

11:5303.04.2020
0
855

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň A.S.Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri welaýatda döredijilik saparynda boldular — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olar welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda birnäçe gün çykyş etmek bilen, teatr muşdaklaryna fransuz ýazyjysy Şarl Perronyň çagalar üçin ýazan «Gyzyl şyrdajyk» atly eseriniň esasynda döredilen erteki sahnasyny hem-de Georgiý Hugaýewiň ulular üçin ýazan «Andro we Sandro» atly gülküli sahna eserini görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň