Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky kärhanada et we süýt önümleriniň 15 tonnasy öndürildi

11:2825.03.2020
0
686

Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumynda öndürilen et we süýt önümleriniň täze tapgyry sarp edijilere ugradyldy. Iň kämil enjamlar ornaşdyrylan toplumda  ýylyň häzirki döwrüne çenli 15 tonnadan gowrak et we et önümleri öndürilip, meýilnama 127,3 göterim berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Toplumda öndürilýän şöhlat önümlerine bolan isleg günsaýyn artýar. Geçen döwrüň içinde bu ýerde gaýnadylan we kakadylan şöhlatyň 8 tonnasy öndürildi hem-de söwda nokatlary arkaly ilata ýetirildi. Bu ýerde öndürilýän süýt we süýt önümleriniň möçberi hem ýokarlanýar. Şu wagta çenli toplum boýunça 160 tonnadan gowrak ýokary hilli süýt önümleri öndürildi. Sazlaşykly hereket edýän önümçilik ulgamlarda öndürilen mesge 2,5 tonna, peýnir hem dorog 3 tonnadan gowrak, turşadylan süýt önümleri hem 14 tonna bolup, umumylykda 117,9 göterim ösüş gazanyldy.

Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýan süýt önümleriniň ähli görnüşleri ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Toplumyň barlaghanasyndaky ýörite ölçeg hem anyklaýyş enjamlary azyk önümleriniň hil derejesini aýratyn gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň