Soňky habarlar

Arhiw

Kyýas Pirmuhammedow («Täjir ýoly» hususy kärhanasy): «Awtoulag süzgüçleriniň 120 görnüşini öndürýäris»

13:3919.03.2020
0
12985

«MBM» (Meniň bagtyýar Watanym) hususy kärhanasynda ýokary hilli awtoulag süzgüçleriniň öndürilýändigi barada biz okyjylarymyza eýýäm habar beripdik. TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide «Türkmenportalyň» habarçysy kompaniýanyň wekili Kyýas Pirmuhammedow bilen söhbetdeş boldy:
― 2018-nji ýylda döredilen kompaniýamyz sügüçleriň üç görnüşini öndürmek bilen işe girişdi. Häzirki wagtda önümlerimiziň görnüşi 120-ä ýetdi. Hatda şu ýylyň ýanwarynda 8, fewralda 18 görnüşli täze önüm öndürilip başlandy.
Häzirki wagtda ýeňil we ýük awtoulaglary üçin ýag, howa, ýangyç süzgüçleri üçin şahsy taraplardan we döwlet edaralaryndan köp sanly sargytlary alýarys. Biz hatda hatda daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen hem işleşmäge taýýar.
Şu ýyl önümlerimizi Gazagystana we Gyrgyzystana eksport etmek üçin taýýarlaýarys. Aprel aýynda, amatly ýagdaý bilen, süzgüçlerimiziň birinji toparyny ibereris diýip umyt edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň