Soňky habarlar

Arhiw

Merdan Durnaýew: «Bold» ― energiýa beriji içgileriň täze neslidir»

19:4418.03.2020
0
29607

Şu ýylyň fewral aýynda «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen «Bold» witaminli içgisi Moskwada geçirilen «Prodexpo ― 2020» XXVII halkara sergisiniň ýörite baýragyna mynasyp boldy. TSTB-niň Aşgabatda geçirilen sergisinde bu hojalyk jmegyýetiniň satyş işleri boýunça müdiri Merdan Durnaýew bilen söhbetdeş bolduk.
― Biziň içgilerimiz «Önümiň düzümindäki innowasiýa» ugry boýunça altyn medala mynasyp boldy. Munuň özi biziň energiýa beriji içgileriň eýýäm täze neslini öndürip bilýändigimizi aňladýar. Has takygy, içginiň düzüminde taurin, ýagny, ynsan saglygyna zyýan berjek ýokundylar ýok ― diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berýär. ― Biz diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, çagalar, ýaşulular, ýagny islendik ýaşdaky adamlar üçin witaminli içgileri öndürýäris. Galyberse-de, islendik adam durmuşda bir zatdan energiýa almaly. Şonuň üçin hem şeýle içgileriň önümçiligine girişdik. Russiýada bolsa ony täze nesliň wekili hökmünde ykrar etdiler. Dostlukly döwletde «Bold» içgileri ýörite barlamhanalarda synagdan geçirildi. Şol synaglaryň netijesinde, ol hödürlenen 600 önümiň içinde altyn medala mynasyp boldy.
― Gutlaýarys! Bu örän uly üstünlik. Eýsem, «Bold» içgilerini günüň haýsy wagtynda içmek maslahat berilýär?
― Ilki bilen, içginiň düzüminde «C», «B6» we «B2» witaminlerinleriniň bardygyny aýdaýyn. Aslynda, her gün bir gap içgi maslahat berilýär, ýöne meniň özüm 5-6 gaba çenli içýärin. Içgi iki görnüşde öndürilýär, olar tagamy we gaplanyşy bilen tapawutlanýar. Biriniň tagamy beýlekisinkä görä biraz ýeňil. Biz degşip, olaryň biriniň gyzlar, biriniň ýigitler üçin öndürilendigini aýdýarys.
«Bolddan» başga-da, «Ýedigen» miweli şirelerini, «Näzli» gazlandyrylan içgileri we «Buzz» sowuk çaýlary hem öndürýäris.
― Şireli we beýleki içgileriňiz hem birnäçe gezek agzy ýapyk tagamlar boýunça Türkmenistanda ýeňiji boldy. Bu üstünlikleriň syyr nämede?
― Tehnologdan, inerenerden, satyjydan, marketologdan, menejerden we ş.m-lerden ybarat ýekeje döredijilik toparymyz bar. Biziň üçin işleýän tehnologlar, uly tejribesi bolan daşary ýurtlular. Olar tagam babatynda bilermen. Galyberse-de, biz tagam babatynda ilatdan sowal-jogaplary alyp, yzygiderli gyzyklanyp durýarys. Eger berilýän bahalar peseliberse, tehnologlar derrew täzelikleriň ― del tagamlaryň gözlegine girişýär. Şol sebäpli indi ähli ugurlarda öňde barýarys.
― Geljekki meýilleriňiz barada hem aýdaýsaňyz.
― Uly meýilnamalarymyz bar. «Bolduň» täze görnüşlerini öndüreris, sowuk çaýyň dizaýnynda we tagamynda hem üýtgeşmeler bolar. Şol bir wagtda täze tagamlary gözleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň