Top.Mail.Ru

«Viva L'amour» toý we agşamlyk modalary öýi hyzmatlar toplumynyň üstüni täze lybaslar bilen doldurdy

12:5418.03.2020
0
22023

«Viva L'amour» toý we agşamlyk modalary öýüniň ýygyndysy toý lybaslarynyň täze toplumy bilen dolduryldy. Bu barada TSTB-niň sergisinde «Viva L'amouryň» Türkmenistandaky resmi wekili Ýewgeniý Bandorkin şeýle gürrüň berdi:
― Modalar öýümiz toý, agşamlyk dabaralary boýunça hyzmat edýär. Munuň üçin 4 müň inedördül metrlik ýerimiz bar. Ýygndylarymyzyň arasynda Rosa Klara, Pronowiýa, Miss Kelli ýaly öňdebaryjy dizaýnerleriň, şeýle hem başlangyç, ýöne geljegi uly arap dizaýnerleriniň işleri bar. Mahlasy, salonda jemi 1500 köýnek hödürlenýär. 
Şu ýylyň sentýabr aýynda uly moda sergisini meýilleşdirýäris. Munuň üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar: giň meýdan, uzynlygy 16 metr bolan sahna, täze köýnekleriň ýygyndysy. Köýneklerimiziň aglabasy italýan matalaryndan we esbaplaryndan türkmen dizaýnerleriniň çyzgylaryna görä daşary ýurtlarda tikilýär. «Viva L'amour», mundan başga-da, gözellik hyzmatlaryny, suratçylaryň işini, toý buketiniň dizaýnyny we çakylyk kartlaryny hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň