Şu gün – 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen geldi.
Türkmen döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, döwlet Baştutanynyň saparynyň çäklerinde walaýatyň senagat ösüşi bilen baglanyşykly meselelere serediler. Şeýle-de sebitiň ägirt uly tebigy baýlyklaryny göz öňünde tutup, täze iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, täze kärhanalary gurmak ýaly dürli taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.