Soňky habarlar

Arhiw

«Talyp gözeli – 2020» bäsleşiginiň jemi jemlendi

22:3306.03.2020
0
13895

Şu gün – 2020-nji ýylyň 6-njy martynda talyp gyzlaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2020» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijelerine görä, baş baýraga Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Arzuw Annaberdiýewa, 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bossan Mürzäýewa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Ataýewa, 3-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Enegyz Annabaýewa bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Mähriban Bäşimowa dagy mynasyp boldular.

Türkmenistanda her ýyl Halkara zenanlar gününe gabatlanyp, «Talyp gözeli» atly bäsleşik geçirilýär.  Talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.

 Bu ýyl bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky  tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gyzlar milli däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary, öz kärine bolan söýgüsini, el işlerini şahyrana setirleriň we aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle-de milli tagam bolan unaş kesmek başarnygyny, türkmen lybaslarynyň görnüşlerini mahabatlandyryp, egin-eşik geýinmek sungatynyň döwrebap nusgalaryny görkezdiler.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan sowgatlar, diplomlar we Hormat hatlary, oňa işjeň gatnaşan gyzlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň