TÝL ― 2020: «Energetik» 7 futbolçy bilen düzümini güýçlendirdi

12:0006.03.2020
0
679

Täze möwsüme Aşgabatda geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen taýýarlanan we güýçli garşydaşlaryň ençemesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiren «Energetik» şu gün ilkinji resmi duşuşygyny geçirer.

Geçen ýyl isleýşi ýaly oýuny orta goýup bilmedik topar bu ýyl düzümini has güýçlendirdi. «Şagadam» Serdaraly Ataýew bilen Parahat Jumanazarow, «Merwden» Akmyrat Jumanazarow, «Nebitçiden» Ilýas Minhairow, Muhammet Astanow, Gyrgyz Respublikasynyň «Algasyndan» Rahmet Şermetow, «Merwiň» Birinji ligada ýaryşýan düzüminden Umyt Astanow dagylar täze möwsümde «Energetigiň» düzümine goşuldylar. Şeýle hem tälimçi Rustam Iskanderow «Energetikde» işläp başlady.

Derwezeçi Merdan Saparow, Şaweli Seýitgulyýew, Serdar Annamämmedow, Daýanç Durdyýew, Amangeldi Saparow, Alibek Abdyrahmanow (hemmesi “Merw”), Döwletgeldi Mirsultanow (“Şagadam”), Söhbet Allanurow (“Ahal”), Myrat Aşyrow (“Şagadam”), Şazada Bäşimow (“Köpetdag”), Kemal Annamuhammedow (“Aşgabat”), Pirmyrat Gazakow dagylar «Energetik» bilen hoşlaşan futbolçylar boldy.

Paýtagtyň «Aşgabat» stadionynda «Köpetdag» bilen boljak duşuşykda «Energetik» täze möwsümdäki ilkinji utugyny ýa-da utuklaryny almaga synanyşar. Duşuşyk şu gün sagat 15-de başlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň