Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda biznes-trening okuwlaryna badalga berilýär

11:2003.03.2020
0
10444

«Alym-Saraýly» okuw-trening merkezi «Iş nokady» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde 11-nji martda Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek, biznes sowatlylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly aşakdaky ugurlar boýunça okuwlara badalga berýär:

  • HMHS
  • Maliýe hasabatyny (balans hasabatyny) MHHS-a laýyklykda taýýarlamak;
  • Aýlyk, dynç alyş tölegi, işden aýrylandan soň hasaplamak. Iş saparlaryny, kömek pullaryny gaýtadan işlemegi, premiýalary hasaba almak we hasaplamak;
  • Salgytlar ― buhgalter hasabaty, salgyt deklarasiýalaryny taýýarlamak (girdeji salgydy, kärhanalar, goşulan baha üçin salgydy, girdeji salgydy) we ş.m.

Bu okuwlar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga başlaýan daşary ýurt hukuk guramalary üçin hem peýdaly bolar.

«Alym-Saraýly» okuw-trening merkezi 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Ol geçen ýyllaryň dowamynda ýokarda görkezilen ugurlar boýunça baý tejribe toplady.

Merkeze ýazylan telekeçilere baý iş terjibesi bolan hünärmenlerden maslahat almak mümkinçiligi garaşýar.

Okuwlaryň maksady we tertibi bilen tanyşmak üçin www.saraylygroup.com saýtyna girip bilersiňiz.

Telefon arkaly ýazylmak üçin:

(+99312) 22-26-40/41/60

(+99365) 435628    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň