UEFA-nyň Naýbaşy kubogy ugryndaky 2023-nji ýyldaky duşuşyk Kazan şäherinde geçiriler

21:4702.03.2020
0
9566

Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär. Bu şäherde «Kazan-Arena» stadiony ýerleşýär. Ol «Rubiniň» ýerli stadionydyr. 2013-nji ýylda açylan toplum 45 müň 379 tomaşaçy alýar. Bu ýerde 2017-nji ýylda Konfederasiýa kubogynyň, 2018-nji ýylda dünýä çempionatynyň duşuşyklary hem geçirildi.

UEFA-nyň Naýbaşy kubogy Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň ýeňijileriniň arasynda geçirilýär. Bu kubogyň häzirki eýesi Angliýanyň «Liwerpul» toparydyr.

Ýeri gelende, Kazan şäherinde 2013-nji ýylda XXVII Tomusky uniwersiadanyň, 2015-nji ýylda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionaty, 2017-nji ýylda ýeňil awiasiýa uçarlarynyň ýaryşy geçirildi. Şu ýylyň 20 ― 27-nji awgusty aralygynda bolsa Kazanda GDA döwletleriniň oýunlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa türkmen türgenleri hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň