Şu gün Özbegistanyň futbol boýunça çempionatynyň Superligasynda birinji tapgyrda Zarafşanyň «Kyzylkumy» Garşy şäheriniň «Nasafyndan» 1:3 hasabynda ýeňildi diýip, «championat.asia» habar berýär.
«Kyzylkumyň» düzümine täze gelen türkmen futbolçylarylary Abdy Bäşimow we Wezirgeldi Ilýasow hem özbek çempionatyndaky ilkini resmi duşuşygyny geçirdiler. Olaryň şu ýylyň fewralynda «Ahaldan» özbek toparyna geçendigini ýatladýarys.
Özbegistanyň Superligasynyň birinji tapgyrynyň başga bir duşuşygynda Daşkent şäheriniň «Bunýodkory» «Surhony» 3:1 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmuradow birinji tapgyrdaky duşuşyga gatnaşyp bilmedi.