Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgüni netije berýär

13:1719.02.2020
0
11571

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýeňilleşdirilen ulgam bilen wiza hyzmatlaryny ýola goýdy.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ýeňilleşdirilen wiza boýunça ylalaşyga gelnipdi. Iki döwletiň çäginde hereket edýän ýeňilleşdirilen wizalar üstaşyr geçirijiler üçin hem ulanylýar.

Özara Ylalaşygyň netijesinde ýeňilleşdirilen wizalaryň şu günleri boýunça hyzmat edilýär: 

  • Wiza düzetmek işleri 4 günüň içinde doly tamamlanýar (10 güne derek);
  • Sürüjiler üçin wizalar 1 ýyllyk (6 aýa derek) möhlet bilen berilýär;
  • Döwletiň çägine girensoň, sürüjiler şol döwletde 30 günüň dowamynda (15 güne ederek) galyp bilerler;
  • Döwletleriň islendik birinde 5 günden köp galan sürüjileriň wizasy 15 güne, gerek bolsa 30 güne çenli uzaldylýar.

Bu ýeňillikler öz netijesini hem berýär. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl Türkmenistana üstaşyr ýük ulaglarynyň gelişi 38 göterim artdy. Ýeňilleşdirilen wizalar iki tarap üçin hem bähbitlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň