Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburgyň gurbernatory Aşgabada saparynyň netijeleri barada aýtdy

19:5818.02.2020
0
5905

Ýakynda Aşgabatda iş saparynda bolan Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem kabul etdi.

Iş saparyndan soňra Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada ol «Russiýa radiosynyň» «Gubernatorlyk ýaýlymy» gepleşigine şeýle gürrüň berdi.

Aşgabada saparym örän netijeli boldy: biz bäş ýyllyk ýol kartasyna gol çekdik, ikitaraplaýyn bähbitli işewürlik maksatnamalarynyň düýbi tutuldy. Mysal üçin, farmasewtika önümçiligi boýunça bähbitli ylalaşyk gazanyldy. Biz Türkmenistana insulin ibermegi teklip etdik.

Türkmenistanda biziň işewürlerimiziň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirilýär. Hususan-da, gurluşyk, döwrebap telekeçilik, energetika, nebithimiýa ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzda parlak geljek görýärin.

Pagtany köp mukdarda öndürýän Türkmenistan bilen biziň dizaýnerlerimiz hem işleşip biler. Şeýle hem biz IT we ýokary tehnologiýalar boýunça tekliplerimizi berdik. Aşgabatda gurulýan «Akylly şäher» taslamasyny amala aşyrmaga hem goşant goşup bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň