Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullugy tegelek stol gurady

14:1918.02.2020
0
6126

Türkmеnistаnyň Stambuldaky Bаş kоnsullugy (Türkiýe Rеspublikаsy) şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýramy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly şygary mynasybetli çäreler maksatnamasynyň çäklerinde tegelek stol gurady ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Stambulyň Topkapy medeniýet seýilgähiniň edаrа binаsyndа geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsullygynyň, Medeniýet merkeziniň, jemgyýetçilik köpçüligniň we ylmy jemgyýetiň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda Bitaraplyk-hukuk derejesine we «açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň döredijilikli we oňyn häsiýeti, şeýle hem ýurduň dürli ulgamlarda gazanan uly üstünlikleri hem-de onuň dünýä derejesinde abraýynyň artýandygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşanlaryň ünsi Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetlidigine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlyk baradaky başlangyçlaryna, şeýle hem durmuş ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, senagat we oba senagat pudaklaryny durnukly ösdürmäge, ýokary netijeli ulag-logistika ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen, sport hereketiniň ugurlary, ekologiýa we suw meselleri boýunça taslamalaryna çekildi.

Ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, şeýle hem köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, uly möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşandy aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň