Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Somaliniň ilkinji ilçisi işläp başlady

22:2217.02.2020
0
3747

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi ― diýip, TDH ýazýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada habar berildi, şunda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem Somaliniň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Diplomat ikitaraplaýyn söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk hem-de sport ulgamynda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine öz wekilçilik edýän ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Parlamentara derejede gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň