Türkmenistan Gruziýa nebit önümlerini eksport eder

15:3814.02.2020
0
64219
Türkmenistan Gruziýa nebit önümlerini eksport eder

Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýa eksport ediler. Bu barada Tbiliside iki ýurduň demirýol kompaniýalarynyň arasynda ylalaşyga gelindi diýip, TASS habar berýär.

Nebit önümlerini üstaşyr daşamagyň ilkinji möwsümi 1-nji aprel ― 1-nji noýabr aralygyny öz içine alar. «Gruzin demirýollary» paýdarlar jemgyýeti bu ugruň türkmen nebitiniň Russiýa äkidilmegi üçin hem amatly boljakdygyna ynanýar.

2015-nji ýyldan bäri alnyp barylýan üstünlikli işleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän nebit önümleri Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa bazaryna çenli baryp ýetýär. Eýýäm 2016-njy ýylda bu ugur boýunça 1,3 müň tonna nebit önümleri Ýewropa äkidildi.

Gruziýa geçen ýylyň oktýabr aýynda satyn alan uçar ýangyjynyň 100%-ini, ýagny, 2100 tonnasyny Türkmenistandan import etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň