Soňky habarlar

Arhiw

Oskaryň baş baýragyna “Mugthorlar” mynasyp boldy

14:2410.02.2020
0
6810

Kino sungatynyň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçirilen dabara ýyldyzlaryň gyzyl halydan geçişligi bilen başlandy. Dabarada iň gowy film baýragyna Koreýa Respublikasynyň önümi bolan “Mugthorlar” (Parasite) filmi laýyk görüldi. Esasy dalaşgär “1917”, şol sanda “Joker”, “Bir wagtlar Golliwudda” ýaly filmlerden öňe saýlanan bu kino Oskaryň taryhynda iňlis dilinde bolman baş baýragy alan ilkinji film boldy. Geçen ýylyň uly gowur turuzan bu filmi diňe baş baýrak bilen çäklenmän, ony surata düşüren Bon Žun-ho iň gowy režissýor diýlip saýlandy. Şol bir wagtyň özünde BAFTA, “Altyn globus” baýraklarynda bolşy ýaly, Oskarda hem iň gowy asyl ssenariý bilen iň gowy halkara film baýraklaryna-da mynasyp boldy. Şunlukda, kino sungatynyň iň abraýly baýraklaryndan 4 heýkeljik bilen dolanan “Mugthorlar” filmi kino taryhyna öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

92-nji Oskar baýraklarynda beýleki ugurlarda gaty bir üýtgeşiklik bolman, garaşylýanlar öz ugurlary boýunça arzyly heýkeljiklere laýyk görüldi. Ýagny “Joker” filmindäki keşbi üçin Hoakin Finiks iň gowy aktýor, “Judi” filmindäki keşbi üçin Rene Zelwegger iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna degişlilikde, Bred Pitt (“Bir wagtlar Golliwudda”) bilen Laura Dern (“Öýleniş hekaýasy”) mynasyp boldular. Iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragyna “Jojo Rabbit” filminiň ssenariçisi hem režissýory Taika Waititi laýyk görüldi. “Oýnawaçlaryň hekaýasy – 4” multfilminiň iň gowy animasiýa saýlanan dabarasynda “Joker” filmindäki sazlary döreden zenan kompozitor Hildur Gudnadouttir iň gowy saz diýlen ugurda ýeňiji boldy.

 

92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri (käbir ugurlar):

Iň gowy film: “Mugthorlar” (Parasite)

Iň gowy režissýor: Bon Žun-ho – “Mugthorlar”

Iň gowy aktýor: Hoanik Finiks (“Joker”)

Iň gowy aktrisa: Rene Zelwegge (“Judi”)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor:  Bred Pitt (“Bir wagtlar Golliwudda”)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Laura Dern (“Öýleniş hekaýasy”)

Iň gowy asyl ssenariý: Bon Žun-ho – “Mugthorlar”

Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Taika Waititi – “Jojo towşan”

Iň gowy animasiýa: “Oýnawaçlaryň hekaýasy – 4”

Iň gowy saz: “Joker” – Hildur Gudnadouttir

Iň gowy aýdym: “(I'm Gonna) Love Me Again” – Elton Jon, Berni Taipin – “Roketmen”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň