Ilki “Real Madrid”, soňra “Barselona” ýarym finala çykyp bilmedi

10:0807.02.2020
0
6761

Ispaniýanyň Şa Kubogynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Düýnki oýnalan duşuşyklardan soň, ilki “Real Madrid”, soňra “Barselona” çärýek finalda ýeňlişe sezewar boldy. “Real Madrid” öz meýdançasynda “Real Sosiedaddan 3-1 utuldy. “Real Sosiedad” 22-nji minutda Odegaardyň, 54-nji we 56-njy minutlarda Isakyň gollary bilen 3-0 öňe geçdi. 59-njy minutda Marselonyň goly bilen Real az-owlak umytlansa-da, 69-njy minutda Merino 4-nji pökgini hem “Realyň” torundan girizdi. Oýnuň soňky 10 minutynda Rodrigo we Naçonyň gollary “Reala” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Şol duşuşygyň yzysüre başlan “Atletik Bilbao”–“Barselona” duşuşygynda-da ýeňiş garaşylýan toparyň tarapynda bolmady. Oýnuň 90+3-nji minutynda Inaki Williamsyň goly Bilbaolylary ýarym finala çykardy. Şeýlelikde, soňky 10 ýylda ilkinji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň ýarym finalyna hem “Barselona”, hem-de “Real Madrid” çykyp bilmedi.

Çärýek finalyň beýleki oýunlarynda-da “Granada” “Walensiýany” 2-1, “Mirandes” bolsa, “Wilýarrealy” 4-2 ýeňdi. 2 oýun esasynda oýnaljak ýarym finalyň bijeleri şu gün belli bolar.

 

Granada 2:1 Walensiýa (Soldado 3, 90+4 p – Rodrigo 40)

Mirandes 4:2 Wilýarreal (Mateus 17, Markelans 45+3 p, Onaindia 58, Sançes 90+2 – Ontiweros 32, Kasorla 55 p)

Real Madrid 3:4 Real Sosiedad (Marselo 59, Rodrigo 81, Naço 90+3 – Odegaard 22, Isak 54, 56, Merino 69)

Atletik Bilbao 1:0 Barselona (Inaki Williams 90+3)  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň