Soňky habarlar

Arhiw

Ýarym goragçy Ahmet Ataýew «Altyn asyryň» düzümine goşuldy

20:4006.02.2020
0
17217

Futbolçy Ahmet Ataýew Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Ol bu ýerde 2014 ― 2017-nji ýyllar aralygynda hem futbol oýnapdy. Futbolçy bilen 2020-nji ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ahmet Ataýewiň iň soňky çykyş eden topary Malaýziýanyň «Sabahydyr». Ol ýurduň Premýer ligasynyň geçen möwsüminde 9 duşuşyk geçirip, şolarda bir gezek tapawutlandy. Geçen ýylyň awgust aýynda agyr şikes alan futbolçy ýarym ýyllap meýdana çykyp bilmedi.

29 ýaşly futbolçy ýurdumyzda «Talyp sporty», «Aşgabat», HTTU ýaly toparlarda hem çykyş etdi. Onuň karýerasynda Türkmenistanyň çempionlygyna-da, Kubogyna-da, naýbaşy kubogyna hem mynasyp bolup gördi.

Şeýle hem ol 2017-nji ýylda Indoneziýanyň «Arema», 2018-nji ýylda ýene-de şol döwletiň «Persela» klublarynda çykyş etdi.

Ahmet Ataýew 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda hem arakesmeler bilen çykyş edip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň