Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimow «Kyzylkumda» türgenleşýär

20:2602.02.2020
0
10118

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimow şu günler Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparynda gözden geçirilýär. Olar Nowaýy şäheriniň toparynyň türgenleşiklerine goşuldylar.

28 ýaşly ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow Türkmenistanda «Ýedigen», «Ahal» ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol milli ýygyndyda 10 duşuşyk geçirdi. Şol sanda Aziýa kubogy ― 2019-a hem gatnaşdy.

23 ýaşly goragçy Abdy Bäşimow geçen ýyl «Ahalyň» düzüminde futbol oýnady. Ol milli ýygyndydaky ilkinji duşuşygyny geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Liwanyň ýygyndysyna garşy geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň