Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirus sebäpli, «Türkmenhowaýollary» Bangkoga we Pekine gatnawlary wagtaýyn ýatyrdy

22:1131.01.2020
0
30771

Hytaýda koronawirusyň döremegi sebäpli we Türkmenistanyň raýatlaryny bu howply wirusdan goramak maksady bilen «Türkmenhowaýollary» 6-njy fewraldan başlap Bangkoga, 7-nji fewraldan başlap bolda Pekine gatnawlary wagtlaýyn ýatyrýar. Bu barada agentlikden «Turkmenportala» habar berildi.

Bu gatnawlaryň näçe wagtlyk ýapylandygy heniz belli däl. Bu ugurlardaky iň soňky howa gatnawy 2-nji fewralda, ýekşenbe güni Aşgabada gaýdyp geler. Gatnawlaryň dikeldiljek wagty barada bolsa goşmaça maglumat berler.

Bu howply wirusdan berk goranmak baarada BSGG hem ähli döwletlere gyssagly habar ugratdy. Häzir koronawirusyň garşysyna göreş halkara derejesinde alnyp barylýar.

Şu günki gün Türkmenistanda bu wirusyň alamatlaryna gabat gelinmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň