Soňky habarlar

Arhiw

Bolliwudyň gözel ýyldyzy “Matrisa – 4” filminde surata düşer

14:5129.01.2020
0
1267

Öz döwründe uly meşhurlyk gazanan “Matrisa” filmleriniň täze bölüminde surata düşjek artistleriň gerimi giňeýär. Baş keşplerinde Keanu Riwes bilen Kerri-Enn Mossuň surata düşjek kinosynyň artistleriniň hataryna hindi aktrisasy Priýanka Çopra hem goşuldy. Bu barada “Entertainment Weekly” neşiri giňişleýin habar berýär. 2000-nji ýylda dünýä gözeli saýlanan we soňky wagtlarda diňe bir Bolliwudda däl eýsem, Golliwudda-da uly taslamalarda surata düşüp başlan Çopranyň haýsy keşpde çykyşe etjekdigi häzirlikçe belli däl. Filmde ýokarda ady agzalan ýyldyzlardan başga-da komediýaçy Neil Patrik Harris hem-de “Akwamen” filmi bilen adygan Ýahýa Abdul-Matin hem surata düşer. 5-nji fewralda surata düşüriliş işleri ýola goýuljak “Matrisa – 4” filmi 2021-nji ýylyň maý aýynda kinoteatrlarda görkezilip ugrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň