Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde lebaply nakgaşlaryň işleriniň sergisi guraldy

16:2626.01.2020
0
1026

Mary şäheriniň çeperçilik mekdebiniň okuwçylary lebaply nakgaşlaryň çeken suratlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew öz okuwçylary Şemşat Saparowa, Maral Nurmämmedowa we Kamilla Rowşenowa dagylar bilen öz eserleriniň birnäçesini bu mekdebe getirdiler. On günläp dowam eden göçme sergide maryly okuwçylar lebaply nakgaşlaryň şäheriň we obanyň durmuşyndan çeken suratlary, şonuň ýaly-da natýurmortlary bilen tanyşdylar. Onuň dowamynda çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary myhmanlar bilen çeperçilik sungaty boýunça özara pikir alyşdylar. Nakgaşlaryň temalary saýlap alyşlary, olary çekmäge çemelişleri, reňklerden peýdalanyşlary we beýlekiler bilen gyzyklandylar. Myrat Baltaýew okuwçylaryň öňünde nakgaşçylyk sungaty, döredijilik adamynyň öňünde durýan wezipeler, öz toplan tejribesi, işleri barada gürrüň berdi. Onuň okuwçylary hem geljekki nakgaşlara çeperçilik sungatynyň inçe syrlaryny öwrenişlerini, bilimlerinden surat çekmekde peýdalanyşlary hakynda aýtdylar.

«Halypa we şägirt» ady bilen guralan göçme sergi Türkmenistan — Bitaraplyk ýylyna bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň