Kazan GDA-nyň I Oýunlaryna taýýarlyk görýär

16:2326.01.2020
0
877

GDA döwletleriniň I Oýunlary 2020-nji ýylyň 20 ― 27-nji awgusty aralygynda Kazan şäherinde geçiriler. Oňa 11 döwletden 14 ― 23 ýaş aralygynda 2,5 müň türgeniň, 2 müňden gowrak meýletinçileriň we 1239 eminiň gatnaşmagyna garaşylýar ― diýip, Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynyň ýerli dolandyryş edarasyna degişli Internet portalynda aýdylýar.

Kazanda geçiriljek Oýunlara Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Ukrainadan we Türkmenistandan wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Oýunlaryň maksatnamasynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Ol görnüşler basketbol, boks, kenarýaka woleýboly, stoluň üstünde oýnalýan tennis, çeper gimnastika, suw polosy, dzýudo, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, sport göreşi, sambo, fehtowaniýe, kiçi futbol, kuraş we guşakly göreş, karate, tans sporty, armrestlikng, mas-restling, gir sporty, taý boksy we küştdür. Kazanda medallaryň 230 toplumy üçin göreşiler.

GDA-nyň I Oýunlarynyň meýilnamasyna baý medeni maksatnama hem girizildi.  Olaryň çäginde Sportuň milli we olimpiýa däl görnüşleri boýunça VI Bütinrussiýa festiwaly, «GDA ― sport sebiti» atly sport forumy we GDA döwletleriniň uly medeni festiwaly geçiriler. Bular barada Tatarystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde Sport we jemgyýetçilik taslamalary direksiýasynyň baş direktory Azat Kadyrow habar berdi.

«GDA döwletleriniň I Oýunlary 9-njy awgustda tamamlanjak Tokio Olimpiýadasyndan soňra geçiriler. Biz bu Oýunlaryň üsti bilen geljekki olimpiýaçylaryň uly toplumyny ýüze çykaryp bileris» diýip, ol Hökümetiň mejlisinde aýtdy.

Ýaryşlar Kazan şäherindäki sport toplumlarynyň 15-sinde geçiriler. Şol sanda olaryň 8-si Powolžskiý bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk akamediýasyna degişli toplumlardyr. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary 20 we 27-nji awgustda «Basket-holle» sport toplumynda geçiriler.

Häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Sport we jemgyýetçilik taslamalary direksiýasy tarapyndan Oýunlaryň nyşany we tumary boýunça bäsleşik yglan edildi. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz işlerini 27-nji ýanwar ― 16-njy fewral aralygynda konkurs@dspkazan.com elektron salgysyna ugradyp bilerler. Bäsleşik 1-nji martda jemlener.

Çeşme: ORIENT.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň