Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow öňňin topara goşuldy, düýn ilkinji goluny geçirdi

14:0526.01.2020
0
5629

24-nji ýanwarda Özbegistanyň AGMK toparynyň düzümine goşulan futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow bir günden soň ― 25-nji ýanwarda täze toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi.

Has takygy, 25-nji ýanwarda AGMK «Surhon» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Almalyk şäheriniň toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Surhon» duşuşygyň 3-nji minudynda Husniddin Gofurowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi bary-ýogy 14 minut saklap bildi. 17-nji minutda Sanjar Tursunow AGMK-a deňligi getiren goly geçirdi. 10 minut soňra Saýdullo Rahmatow hasaby 2:1-e çykardy. 53-nji minutda bolsa biziň ildeşimiz, 29 ýaşly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow tapawutlanyp, duşuşygyň jemleýji pökgüsine adyny ýazdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, Arslanmyrat Amanow meýdana ikinji ýarymda girdi. Oňa täze toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirmek üçin bary-ýogy 7 minut wagt gerek boldy.

«Championat.asia» saýtynyň hem habar berşi ýaly, AGMK üçünji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Birleşen Arap Emirliklerinde geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň