Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň Tertibini tassyklady

22:5324.01.2020
0
6773

24-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, bu okuw edarasynda bilimiň hilini gowulandyrmak hem-de işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet gullukçylaryny taýýarlamaklyga bildirilýän talaplardan ugur alyp, täze hünär ugurlaryny açmak, wajyp ugurlar boýunça gaýtadan taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we magistr taýýarlygy okuwlaryny girizmek meseleleri Mejlis, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde seljerildi we degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigine ünsi çekip, bu babatda dünýäniň iň gowy tejribesine daýanmagyň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzda gurlan we häzirki wagtda gurulýan döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärli hünärmenleriň gerekdigini aýdyp, tutuş hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we şu babatda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň