Soňky habarlar

Arhiw

«Euronews» Türkmenistanda alnyp barylýan işleri giňden wasp edýär

17:1124.01.2020
0
1348

Diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň iň meşhur teleýaýlymlarynyň biri bolan «Euronews» habarlar ýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda ýaýlymyň Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň waspçysyna öwrülendigini aýtdy:

— Biz Bitarap Türkmenistan bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk saklaýarys we bu gatnaşyklar birekbirege ynanyşmakdan, dogruçyllykdan gözbaş alýar. Ýady­ňyza düşýän bolsa, 2015-nji ýylda Aşgabatda hemişelik Bitaraplygy­ňyzyň 20 ýyllygy mynasybetli halkara konferensiýa geçirilipdi. Teleýaýlymymyzda bu konferensiýanyň geçişi, onuň sebitiň durnuklylygy babatdaky ähmiýeti dogrusyndaky gi­ňişleýin habarlary yzygiderli ýaýlyma beripdik. Mundan başga-da, 2016-njy ýylda üstaşyr ulag geçelgesine bagyşlanyp geçirilen Aşgabat konferensiýasy-da «Euronewsde» gi­ňişleýin beýanyny tapdy. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda geçirilen Energetika hartiýasyna bagyşlanan konferensiýa, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, 2019-njy ýylda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy, bulardan başgada, Türkmenistanyň durnukly ösýän ykdysadyýeti, ahalteke bedewleri­ňiz, türkmen halylary, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, TOPH gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Türkmenbaşydaky Halkara de­ňiz porty, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary­ňyzdyr milli gymmatlyklary­ňyz barada gi­ňişleýin maglumaty teleýaýlym arkaly dünýä ýaýmakda «Euronews» uly işleri etdi. Biziň teleýaýlymymyzda Türkmenistanyň ösüşleri baradaky wideorolikler yzygiderli ýaýlyma berilýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan biziň üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Bu geljekde-de şeýle bolar ― diýip, myhman gazetiň habarçysynyň bu baradaky sowalyna jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň