Soňky habarlar

Arhiw

Ýuwentus ýarym finalda

13:3923.01.2020
0
954

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýene bir ýarym finalçy belli boldy. Kubogyň soňky eýesi Ýuwentus çärýek finalda Roma bilen duşuşyp, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Eýýäm birinji ýarymda 3 gol geçiren turinlileriň adyndan 26-njy minutda Kristiano Ronaldo, 38-nji minutda Rodrigo Bentankur hem-de 45+2-nji minutda Leonardo Bonuççi tapawutlandy. Romanyň ýeke-täk goly bolsa, 50-nji minutda Jengiz Ünderiň urgusyndan soň, sütüne degip yzyna gaýdan top derwezeçi Janluiji Buffona degip, tora girdi. Ýuwentus ýarym finalda Milan-Torino duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ýarym finala çykan Napoli bolsa, Inter-Fiorentina duşuşygynyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň