Inter topary Ýunaýtediň kapitanyny hataryna goşdy

10:0018.01.2020
0
3085

Inter topary Ýunaýtediň kapitanyny hataryna goşdy

Mançester Ýunaýtediň iňlis futbolçysy, topary kapitany Eşli Ýang mundan soňky karýerasyny Italiýanyň Inter toparynda dowam etdirer. 34 ýaşly “winger” möwsümiň ahyryna çenli Interde oýnar (kärendesine). Italýan topary oýunçynyň görkezjek çykyşyndan hoşal bolsa, onda olar onuň bilen möwsümiň ahyrynda ymykly şertnama hem baglaşyp bilerler. Ýang Interiň transfer eden 3-nji iňlis futbolçysydyr. Eşli Ýang 2011-nji ýylda Aston Willadan Mançester Ýunaýtede transer bolup, ol mankunianlaryň düzüminde 261 gezek meýdança çykdy (19 gol).

Şeýle-de Mançester Ýunaýtedde Ýangyň ornuna toparyň täze kapitany diýlip Harri Maguaýr bellenildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň