Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň bosagasynda Tailandda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

14:4417.01.2020
0
5149

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyklaryň çäginde Tailandda gurnaljak halkara ýaryşa hem gatnaşar. Bu barada milli ýygymyzyň baş tälimçisi Robert Grdowiç «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2 ― 8-nji fewral aralygynda Tailandyň Hatýaý şäherinde futzal boýunça «SAT International Futsal Championship 2020» atly halkara ýaryş geçiriler. Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysyndan başga-da, Tailandyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Kuweýtiň we Malaýziýanyň ýygyndylary gatnaşar.

Ýaryş toparçalaýyn görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjy alty ýygyndy üç-üçden iki toparça bölüner. Her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy ýarym finala çykar. Halkara ýaryş üçünji orun ugrundaky we final duşuşygy bilen tamamlanar.

Tailanddaky halkara gatnaşýan ýygyndylaryň aglabasynyň Aşgabatda hem ýaryşjakdygy biziň futzalçylarymyz üçin oňat mümkinçilikdir. Bu ýaryşyň çäginde türkmen futzalçylaryna Aziýa çempionatynyň bosagasynda öz güýçlerini we ukyplaryny synaga salmaga ýene bir mümkinçilik dörär.

Tailanddaky halkara ýaryşdan ozal milli ýygyndymyzyň Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boljakdygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň