Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Rysgal" bank "Maestro" kartlary üçin "Cash-back" hyzmatyny ýola goýdy

13:2413.01.2020
0
18948

Türkmenistanyň banklarynyň «Cash-back» hyzmatyny ýola goýandygyny habar beripdik. “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky «Türkmenistan» gazetinde beren bildirişinde bu hyzmatyň işläp başlandygyny müşderilerine habar berdi.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, bank öz müşderilerine “Mas­ter-Card” Maest­ro” plas­tik kar­ty­ny ula­ny­jy­la­ry üçin “Cash-back” hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýär. “Cash-back” hyzma­ty bi­len “Maest­ro” plas­tik kar­ty­ny ulanmak ar­ka­ly söw­da mer­kez­le­rin­de, dü­kanlar­da, hyz­mat no­kat­laryn­da ha­sap­la­şyk ge­çi­re­ni­ňiz­de tö­le­giň möç­be­ri­niň 3 gö­te­ri­mi yzy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­ýär. Gaý­ta­ry­lyp be­ril­ýän se­riş­de­le­riň möçbe­ri her aýyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça, in­di­ki aýyň 5-i se­ne­si­ne çen­li ha­sap­la­ny­lyp, yzy­na gaý­ta­ryl­ýar. Hyz­mat “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň “Mas­ter-Card” Maest­ro” plastik kar­ty açy­lan wag­ty bi­rik­di­ril­ýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­miz: 96-46-65, 96-46-66, 96-46-64.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň