Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Atletika sport federasiýasy döredildi

16:0310.01.2020
0
6415

Biziň ýurdumyzda täze sport federasiýasy ― Türkmenistanyň Atletika sport federasiýasy döredildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, ýurdumyzyň Atletika sport merkeziniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde täze federasiýasynyň döredilendigi, bu merkeziň onuň oruntutary bolandygy habar berildi. Federasiýa Ahmet Pirowow ýolbaşçylyk eder.

Täze federasiýa öz düzümine sportuň pauerlifting, armrestling, bodi-fitnes, strongmen ýaly görnüşlerini özünde jemleýär.

Sportuň bu görnüşleri boýunça geçirilýän milli we halkara ýaryşlar «Turkmenportalyň» habarlarynda hem giňden şöhlelenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň