Wýetnamyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda öz öňünde ilkinji bäşlige düşmegi maksat edinip goýýar. Bu barada «Wýetnamyň profesional futboly» paýdarlar jemgyýetiniň (VPF) ýolbaşçysy Çan An Tu Hanoý şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda Wýetnamyň ýygyndysy Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen «A» toparçada ýaryşar. Aziýanyň hem güýçli ýygyndylarynyň hatarynda tanalýan wýetnamly futzalçylar topardaça biziň ildeşlerimiz üçin esasy garşydaş bolup biler.
Umuman, yklym çempionaty 16 ýygyndynyň arasynda geçiriler. Her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy ýaryşyň çärýek finaly üçin hukuk gazanar.
Wýetnamly futzalçylaryň ilkinji bäşlik baradaky maksady dünýä çempionatyny nazarlaýar. Çünki Aşgabatdaky yklym çempionatynda iň gowy netijeleri görkezen bäş ýygyndy şu ýylyň 12-nji sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli aralykda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Häzir bütindünýä sanawynda Türkmenistanyň ýygyndysy 69-njy, Wýetnamyň ýygyndysy bolsa 44-nji orny eýeleýär.