Soňky habarlar

Arhiw

Uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl baýramy bilen gutlady

21:0530.12.2019
0
8687

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkodan gutlag haty gelip gowuşdy. Onda şeýle diýilýär:

«Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda geljek ýylyň hem belent sepgitlere, Türkmenistanyň halkynyň täze zähmet üstünliklerine beslenjekdigine we Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi 2020-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Bu sene türkmen halky we döwleti üçin milletiň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, döwletiň deňhukukly hyzmatdaşlyga bolan açyklygyny alamatlandyrýan wajyp günleriň biri bolup durýar. Türkmen bitaraplygynyň esaslary we oňyn ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä giňişliginde aýratyn mana eýe bolýar. Munuň özi tutuş Ýer togalagynda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkidilmegini şertlendirýär.

Geçip barýan ýyly ugradyp, biziň her birimiz hakydamyzda hemişelik galan şanly wakalary ýatlaýarys. Meniň üçin şeýle waka Siziň maňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady bermegiňiz we ”Altyn aý” altyn medalyny gowşurmagyňyz boldy. Bu ýokary sylag meniň çagalygymyň we ýetginjeklik ýyllarymyň geçen ýeri bolan mähriban Watanymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyň nyşany bolup durýar.

Gadymy we ajaýyp türkmen topragynda doglup, men mähirli, açyk ýürekli, hoşniýetli we örän myhmansöýer türkmen halkyna iň ýakyn duýgularymy besleýärin. Türkmenistanlylaryň Siziň döwlet we halkara işiňiz bilen baglanyşykly ýeten derejesine tüýs ýürekden begenýärin we buýsanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident! Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlamak isleýärin we Size hormat goýmak bilen, ýene bir ýola berk jan saglyk, Siziň parahatçylygyň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlik arzuw edýärin.

Goý, 2020-nji ýyl durnuklylygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly bolsun!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň